Söweş güni

O bir adam, dymyp ýa-da
aýdylmaýan sözi aýdyp,
gördi ilki netijesin,
soňra gitdi, gelmez gaýdyp,
ürken ýeri atyň, söz ýok,
gorkan ýeri äriň, göz ýok,
seretmez ol yzyna kän,
çürkenjegin bilmez çürkän...

Aktiwist däl, gowga güni,
tankytçy däl daşa çykan,
köşge baryp, hapa çümmän,
diýdi göni diýjegini,
näme bolar diýmän ertir,
gaýgy etmän iýjegini,
soň KGB-äň başlygyna,
diýdi ýurdy ýykýarsyňyz,
ýara salyp ýüregine,
bejererden agyr gaty,
bu gitmeli diýdigiňiz
ýaşamadyk halkyn satyp,
gaýmak iýip ýaşan millet,
nobat gurar tapsa gatyk...

Bolşewigiň geçen döwrün
getirdiňiz yza dolap,
kime ýetdi kimiň aty,
düşünýär il bolýar näme,
çörek tapsa oňup gaty,
çagalaryn taýýarlaýar,
ýat illere, uzak ýola,
ümsüm, sessiz bosgunlyga,
diňe garyp, pukara däl,
gider bilim alan gowy,
lukman gider, saglyga waý,
gider gowy pedagoglar,
beýni gider, jöwher ýaly,
ýurdy gurjak inženerler,
gyzlar gider, baýdagymyz,
maşgalalar, adam çykýan,
galarsyňyz bolup agyz...

'Ýok, gitmezler, kime gerek,
nirä gitsin gömük millet?' -
Güldi başlyk, 'Başga ýol ýok,
ýaşar diňe çeken minnet...'
Adam gitdi goýup wagta,
belli, meger, nirde galdy,
söweş güni münen agta...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026