Kino durmuşy
Patrak alyp ýaňy bişen, ap-akja,
göýä durmuş kino ýaly, biletli,
ýeriň tapyp oturmaly, gülmeli,
iň esasy wezipäň dek, işiňi
bitirmeli ýatlatsalar ekrandan,
bilmeseň-de nämä gülünýänini,
ýylgyrmaly, şükür edip içiňden,
obada däl, mal bakamok günuzyn,
ýa gowaça suw tutamok yssyda,
häkim ýa-da ministr däl birigün
depilmeli bir zat diýlip, kyhlanyp,
ýöne bir gün pikir geler kelläňe,
ýa bir sorag, berilmeýän, diliňe,
şumy indi gutulanyň menzili,
il-ulusyn gorap bilmän özünden,
gaçan, goldan bolar göreşim diýip,
pikir etmän gaýdyp yzy hakynda,
o çetinde, bu çetinde jahanyň,
ýalan, töhmet at çapýarka göz ýumup,
utuşmy bu, gara basyp ýatmaly,
günde turup, umyt gözläp azajyk,
telefonda beter batga batmaly...