Utulan il

Öz-özüni ýykýar millet,
pälwan ýaly, göreş tutup,
badak atýar özüne ol,
begenýär soň özün utup,
toý baýragyn alan ýaly,
çaga ýaly, kakasyndan
üstün çykan, oýun etse,
emma durmuş seniň kakaň,
ýa ejeň däl, has gazaply,
has ýüreksiz okadyjy,
ýatdan çyksa sapaklary,
ýa almasaň almalyda,
özün ýykan iller soňra
bir asyr däl, itiň ajy,
ýa hor bolup ýaşaýarlar,
daşaýarlar agyr ýüki,
utulyşy halta salyp,
öýden işe, işden öýe,
hiç düşünip bilmän haýsy
duşmany bet, beter basýar,
öz-özüni ýykan millet,
nesillerin ýüpsüz asýar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2026