Owadan duzak
Adamlara owadan
alma gerek bazarda,
armyt gerek, nar gerek,
dükanlarda arzanlan,
durup soňsuz, biderek,
gurçuklysy gerek däl,
ýa gerek däl tegmilli,
ýagyşlardan, ýel-günden
azda-kände ýaraly,
alma gerek bir kemsiz,
armyt gerek bir kemsiz,
model ýaly gelşikli,
gözüň doýýan daşyndan,
agaçlary goraglap,
awy guýlan başyndan,
alma gerek adama,
gorkýan ýaşan ýaşyndan,
ýöne büdür-südüri,
ýemşik-ýumşuk gerek däl,
bal bolsa-da, almaz ol,
gözlär gowja miwäni,
tagamy az içinde,
on gün durýan iýmeseň,
durýan, belki, has uzak,
adamlara elmydam
gerek owadan duzak.