Jaýsyz ýürek
Meniň ýeke ýurdum bar,
ata-babamdan galan,
ikisi ýok, birinde
hakykat bolsa ýalan,
gider ýaly beýlekä...
Meniň ýeke ilim bar,
gara gözüm, guwanjym,
ikisi ýok, birinde
bir-biregi ezseler,
doýmasalar talaňdan,
gider ýaly beýlekä...
Mende iki ýürek ýok,
bar birisi, ýerinde
jaý tapmasa, agyrsa
beýlekini alara,
iki gözüm bar, dogry,
emma iki ýüzüm ýok,
gyzaranyn gaçyryp,
içki jübä salara.