Koloniýadan soňky koloniýa
Basyp alan batyr bolar,
akylly bor çenden, çakdan,
tumşugy bor gökde mydam,
urar, çapar islän wagty,
ezer soňsuz, ugrun tapyp,
hemem özün öwer durman,
saňa diýer wagşy, galak,
basyp geçer ýüz-gözüňden,
boýun edip sütemine,
özüň iýip öz sözüňde,
utanarsyň geşmişiňden,
garalanan, ak ýeri ýok,
gözüň gider köp gyrana,
basyp alan, ýok ýeri ýok,
aşak basyp öz başyňdan,
öz ýeňiňden çekip yza,
hatda çykyp gidensoňam,
basyp alan berer yza,
özi ýaly ýüreksiziň
müňlerzesin goýup yzda,
şondan, meger, basyp alnan,
ýörejek bor galman, dyzda...