GULAG nesli
Saparyň türmesi ulaldy barha,
yhlas etdi GULAG nesli, durmady,
haýatlaryn uzaltdylar daşynyň,
beýgeltdiler, ýetdi, belki, asmana,
howa menziliniň agzy ýaragly,
ýa ýaragsyz sakçy, gözleri müňkür,
galdy gaçyp barýanlaryň gözünde,
iň bolmanda gowurdagyn talaýan,
doganynyň, din-imanly sözünde,
il gözüne hajy bolan, köwüşli
gezim edýär ýykylanyň ýüzünde...
Saparyň türmesi ulaldy barha,
ozal basyp alan basmanka özün,
ýok etmänkä soňuna çen gomalyp,
beýik millet kinosynyň pidasy,
bizden beter dünýä bolup wejera,
özünden däl, ilden gözleýän asy;
Çynmaçyndan geldi gaz gerek beter,
öňki arzan alyp, gymmat satýardy,
indi näme bolýar, soramak hatar,
Ahmet, Mehmet geldi gözi, göwni aç,
doganmyşyn, dünýä berýän wizasyn,
bizden alyp, goýdy bu gün arkada,
tutjak, basjak agzymyzy ýummasak,
başaranyn berjek zalym eline,
gapylar ýapyldy içinden, daşdan,
aç diýýäniň tüý bitenmiş diline...
Näme diýsin, ýa diýmesin dilinde,
GULAG nesli, gaçsyn, galsyn ilinde,
gözlerine gorky, açlyk ekilen,
beýnisinde boşluk, ýel ösýär diňe,
tanaýan, düşünen ýylgyrýar ajy,
kim gygyrsa diýip durmak ýok, öňe,
habarlary görse gözleri ganap,
diňlese, gulagy sanjyp içinden,
her ýalan söz pyçak bolup zäherli,
adamy kowalap, gabaýar tüme,
yzyna seretse, gowaça, gamyş,
gujagyna salýar çagany küme...
Gör, näçe müň adam geçdi bu ýoldan,
küme ýetse, şükür edip, galdyrap,
halys bolup ýatdy iller ertesi
turmak üçin ümsümligi galdyryp,
ýorgan ýaly, düşek ýaly dulunda,
gülli sandygyna guwanyp bakyp,
gitmek üçin ýene işe, bir döwüm
çörek berse, alkyş aýdyp partiýa,
ýaşdym, olar gürrüň etmän gürledi,
ýazyjylar ýazdy ýazman, harpy ýa,
ýazjak zadyn ýitiren dek türmede,
geçip gitdi aýdym aýtman aýdanlar,
diňlär diýip gulaklary gapylan,
ellerin uzatdy elsiz galanlar,
bar getirdi gol, pudagy çapylan...
Saparyň türmesi ulaldy barha,
bir ülkäni, iksini almady,
sebäbi ol türme däldi, tohumdy,
pyçak urlan gözde ekilen gije,
gögerdi, kim saýasynda saýraýar,
beýlekiler dymýar, galmandyr güýji...