Sylag meselesi
Sen özüňi sylamaýan adamy,
uly bolsun, kiçi bolsun, sylama,
tanap, tanamadyk bolsa tanama,
salam berme, diýseler-de taňryňky,
görensiň kän, hemme degmez salama,
ýa wagtyňa, sagadyňa, eglenme,
säginmedik seniň üçin hiç haçan,
gören, ýöne mydam gözi başgada,
ýa özüni asyp ýören asmandan,
kyn günüňde görünmedik, gelmedik,
bilen, ýöne bolan bolan bilmedik,
ýa-da ýolda akyl satan adamlar,
gözüň aýdyň diýip bilmän, türmäni
gözläp tapan ýaly, samsyk bolaňsoň,
saňa aýdyp geçendirler kimdigin,
sen yzyňa garap, ýaýkama başyň,
seni sylamadyk, minut ýitirme,
degmez oňa, bolsa bolsun gardaşyň.