Surat

Wyždan myş-myşy

Wyždanyň, diýdiler, seniň nirede
ýaşaýanyň, gizlenýäniň bilmeýär,
bilmeýär ol seniň gorkýan zatlaryň,
tanamaýar käte özüňem bilmän,
gaharyňa sögüp tutýan atlaryň,
gynanjyňy, begenjiňi, armanyň,
ýat illerde çeken hasratyň, derdiň
aňşyrmaýar wyždan diýdi birisi,
beýlekisi diýdi duýgur ol örän,
bile geçip her bir ädimiň ýörän,
ýa ulagly geçen uzak ýollaryň,
uçup baran ýurtlaryňy bilýär ol,
hemem bilýär adam bolup galdyňmy,
ýa başga zat, bileňokmy sen näme,
kim bolanyň eýýäm, gaçyp özüňden,
ýagny beden ýaşasa-da gül ýaly,
görünse-de toýda, ýasda il ýaly,
ýa bukulsa öz-özüne, ilden daş,
adam birçak jan berene çalymdaş,
wyždan görýär näme bolanyn saňa,
a soň gidýär, gaýdyp bolmaýar gardaş...
Şaýat boldum ýolda şeýle gürrüňe,
diýmediler bu hakykat iň soňky,
aýyplaşmaň, myş-myş, pikir ol diňe.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024