Ýokardan seretseň
We're all puppets... I'm just a puppet who can see the strings. Alan Moore
Gurjak meselesi çigişýär barha,
baýadykça iki adam, üç adam,
garyp düşüp ýüz müňlerçe her günde,
pullandykça ogry, jümri ýokarda,
köpeldikçe gözli körler, Aýnany
kim süýrese gülýän diňe hikirdäp,
basgylansa il-ulusy, aglaman,
başga birniň işi ýaly, durmuşa
kino gelen ýaly seredýän diňe,
gürrüň etjek bolsaň, gürrüňi başga,
köpelýär adamy ýigrenýän ýa-da
manydan, mantykdan uzakda duran,
köpewlýär kemsitjek biri-birini,
aldamak däp, ata-baba gelýärmiş,
talamak däp, eliň gelse, aýyp däl,
bu hudaýyň beren zady adama,
uran alýar, urulanlar ölýärmiş,
baş galdyrsaň, basjak bolýan höwesjeň,
ýa aýlykly ýekirjek kän ýadaman,
ýok ýeri ýok, hemme öwrenjek, ösjek,
gurjaklaryň iş ýerleri köpelýär,
döwlet äri, syýasatçy, žurnalist,
halamaýar ýaşlar diýseň köp ölýär,
diri wagty, gabyr entek daşdaka,
gurjak, gurjak, gurjak gerek bu zaman,
gurjak hudaý at üstünde, başdaka...