Baş baýrak

Bu dünýäniň bar baýragy
Magtymguly baýragy däl,
seçelenen, paýlanan kän,
üzeňňiden üç geçene,
döwlet iliň gaýgysyn däl,
öz gaýgysyn edýär, çenin,
çakyn bilip adamlaryň,
bilýär iller näme bolýar,
ýa alynýar baýrak nädip,
käte kino ýyldyzlary
gürrüň berýär at alanyň
aýagasty boluşyny
edilmesiz işi edip...

Bu dünýäniň baýragy täk
öz üstüňde işlemek, päk,
tämiz bolmak üçin günde,
günäleriň, ýalňyşlaryň,
ýeke-ýeke boýun almak,
gara nebse çapan günüň,
ýa güleniň birleriniň
arkasyndan, gybat edip,
ýesir bolup galman tümüň
ortasynda, çepe gidip,
gözüň açmak, kör bolmasa,
ýüregiňi açmak, belki,
bu dünýäniň bar baýragy,
adam bolup galmak ilki.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024