Düşünmeseň
Ýylan diňe gapyl bassaň hatarly,
heder edip çakýar, goranjak bolup,
adam daşdan zäherleýär gaçany,
bahyllykdan, gorkusyndan, keýpine,
zäherine garşy emiň bolmasa,
düşünmeseň niýetine dost bolan,
gowusyran adamlaryň ýalandan,
çyrmaşykdan doly bagyna girseň,
ýa dereje, hassalyk kän dermansyz,
äsgermezlik etseň, hatarly olar,
hassa edýär tapyp nirede bolsaň,
soň berýärler dolap seni özüňe,
gazet ýaly köne, saralsaň, solsaň.