Döwlen döwlet

Döwlet döwlen adamlary köpeldip,
öz gabryny özi gazýar meýletin,
okuwly, okuwsyz, ene-atasy
okadyp bilmedik wagtynda bilip,
çöregine ýetmän alan aýlygy,
ýa-da para ýaryşyna eýgermän,
ýa bilimi berim bilen okandan
artyk bolup, bolup bilmän süpürgiç,
ýa döwülmän ikiýüzli sokuda,
arly bolan, öçli galan, gaharyn
içe salyp dymýar, gürlese beter
boljagyna gözi ýetip halynyň,
döwlet döwlen adamlary basgylap,
dykan bolýar deşigini salynyň.

Döwlen döwlet, küreklerin ogurlap,
çaýkatmaryn diýip gimini size,
açlyk bilen, türme bilen dogurlap,
amatyna garaşdyryp milleti,
başyny jemlejek döwlen ärleriň,
aýallaryň, içi armandan doly,
liderleri ýetişdirýär selkiden,
aç-hor edip çagalykdan, diýýär ol,
turuň, geliň, üýşüp meni ýok ediň!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025