Baý boljak garyplar
Fridrih Nitşäniň äheňinde
Baý boljaklar, ozal garyp,
garny doýsa, gözi doýmaz,
garyp halka, işçi, haýhan,
ýa beýleki, ogurlanýan,
paraly ýer ýetdirmedik,
diplom alan adamlara,
okap ýa-da okaman kän,
Taňry diýip el sermekden
başga zady goýmadylar,
oýnadylar hudaý bolup,
haýsy ýerde emel ýetse,
taladylar ölýän hassa,
ýa dogulýan çaga diýmän,
gaçyp barýan bolsa ýurtdan,
çörek pulun gözläp, yzlap,
gelmez ýaly etdiler soň,
baý boljaklar nätdi ili,
häzir nirde, nirdedi öň?