Terror astyndaky döwlet
Terror ogly,
ganhor döwlet,
ejemizi öldürdi,
kakamyzy öldürdi,
atmady ol tüpeň alyp,
ýa bogmady eli bilen,
daş zyňmady daga çykyp,
nyşanasy boldy ýürek,
zyndan etdi bütin ýurdy,
bir enäni öldürmedi,
bir atany öldürmedi,
köp enäni öldürdi ol,
köp atany öldürdi ol,
öldürdi ol ýigitleri,
ýaşamaly entek uzak,
ýöne muny az görýär ol,
irmän, arman gurup duzak,
okuw, bilim jaýlaryny
aşaklykdan ýumurýar ol,
ili içden omurýar ol,
çünki bilýär, ol eneler
dogurdylar batyry kän,
ýüzläp, müňläp öldürse-de,
bir ýerlerde galyp diri,
özi ýaly batyr toplap,
baş galdyrar diýip biri,
çiş kakylan gözlerine,
hiç adam ýok diýýänleriň
ynanmaýar sözlerime.