
Ahyrky netije
Herman Hessäniň äheňinde
Gara güýjüň ogly bolup,
häkimýeti ele alan,
bolsun bagşy, ýazar, şahyr,
gara güýçden gider ahyr,
pula gyzan puldan gider,
mala gyzan maldan gider,
pida bolup oýnan pida,
gedaý bolup oýnan gedaý,
başyn egen, lepbeý diýip,
tabynlykdan gider ahyr,
keýpi-sapa berlen içip,
ýa-da çekip bolar pahyr,
ýa başgaça güýmäp özün,
emzik berlen çaga ýaly,
özün aldap ýaşan uzak,
daşynda daş gala gurup,
ýykar özün ahyrynda,
arkasyndan, içden urup.