Döwlet pesligi

Döwlet saňa duşman bolsa,
toplap ähli nökerini,
agza gelen gepi gepläp,
ýaralajak bolsa üýşüp,
garalajak bolsa köpläp,
töhmet atsa ejizlikden,
ýalňyş ýoldan giden dälsiň,
döwlet bilen, ýurdy talan,
talaňçylyk eden dälsiň,
duzak gurup özüň üçin,
ýa ezilýän ili gorap,
garşynda duransyň kän,
döwlet seni ýek ýigrense,
hakykaty açyk aýdyp,
galpa gapan guransyň kän.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025