
Hakyky parodiýa
Adam bolmak hatarly,
ýa-da galmak özüň bolup,
parodiýa bolsaň bolýar,
adam ýaly geýnen bolup,
gürlän bolup adam ýaly,
gülen bolup öz üstüňden,
hakykatda aglap içden,
parodiýa bolsa döwlet,
şahyr bolmak hatarly,
parodiýa bolsaň bolýar,
ýazan bolup goşgy, gazal,
ynanmaýan zadyň hakda,
hakykatda ýazjak zadyň
jaýlap içde diri, sesin
eşitmedik bolup adyň
dilden goýman gygyrsa-da,
bagyrsa-da tä ölýänçä,
parodiýa bolsaň bolýar,
dost, dogan däl hiç adama,
ne ogul, gyz ene, ata,
ne öz çagaň penakäri,
jenaýatçy döwlet ursa,
ýa horlasa aç, ýalaňaç,
hatarly bor tursaň, dursaň,
parodiýa bolsaň bolýar,
iller şeýle, menem şeýle
diýip özüň aldamaly,
aglamaly agyň tutsa,
ýöne hiç kim bilmeli däl,
ýa gülmeli ýalan-ýaşryk,
parodiýa bolsaň bolýar,
nämediň bukup, ýaşryp.