Surat

Şükür etmeli ýagdaý

Ýüz-gözünde galan ädigiň yzy,
depilen adamlar, aman galsalar,
hemmejesi haly, palas bolmaýar,
ikisi, üçüsi tapylýar, çykýar,
gelýär göreş meýdanyna atlanyp,
biri ölse, ýaralansa ikinji,
üçünjiisi galýar, alýar arlaryn,
ýa-da ölýär nusga bolup yzyndan
doguljaga, depiljege ýüzüne,
ýöne hökman dikeljege, galjaga,
geljege ar meýdanyna ýazylman,
keçe bolup her kölegä, ýatjaga,
ýaragy ýok, emma özün atjaga,
bir adamy, bilip, bilmän, tötänden,
ýaralaňda, ynjydaňda pikir et,
bütin ili ynjydanyň güni kyn,
eziji han bolmanyňa şükür et.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025