Satlyk adam
Magtymguly aýdanmyşyn, çyn bolsa,
ol ýalandyr, hiç bir dona bürenmez,
emma başga pikir hem bar, käbiri
ýalan mydam mätäç diýýär eşige,
zerli dona, gowy köwşe, telpege,
hatda gowy sagat gerek, üýtgeşik,
iň esasy gymmat bolmaly nyrhy,
orden gerek, medal gerek ýalana,
owadan jaý gerek, bir ýa iki däl,
il puluna gurlan köşgi-eýwanlar,
şäher gerek, samsygy däl, akylly,
ýöne hak, hakykat, köne köwüşli,
ýa-da aýakýalaň, bezemez özün,
çyplaň çykar il içine, ne ýüzi,
ne gulagy gyzarar oň, sebäbi
boluşyndan başga görünjek bolmaz,
ýa gizläre zady bolmaz utanyp,
kezzap bolsa, kän zat gerek adama,
bukmak üçin bütin ömrün satanyn.