Kyn iş

Bu bir beýle ýeňil iş däl, käbiri
bir sözi az, iki sözi köp görer,
ýüregine alar, çeker özüne,
haçan gaty gideniňi bilmersiň,
nirde näme edeniňi bilmersiň,
girreler, herreler, ýa-da yzyňdan
gürrüň eder, ynanmarsyň eşidip,
gaýdyp, bolsa, golaýyna gelmersiň,
görüp, synlap, diňe sen däl günäkär,
düşünersiň ýagdaýyna, gülmersiň,
bu bir beýle ýeňil iş däl, agyr iş,
dymar adam, gürläp bilmez il ýaly,
düşünişip bilmez, bolsa-da dili,
ýa ýasama, ýalan bolar sözleri,
sebäbi enesi, atasy şeýle,
gürleşilen däldir öýünde düzüw,
adam ýaly, azgyrylman, aglaman,
aýyplaman başgalary, bigünä,
gelen däldir ýöne-möne bu güne,
ýöne okan bilýär adam gylygyn,
ýa-da yzyn yz galdyran külpetiň,
bir nesil däl, iki nesil, üç nesil,
has aňyrdan gelýär derdi adamyň,
atasyndan ogla geçip, peselmän,
enesinden gyza geçip, kesilmän,
tä birisi saklaýança dur diýip,
bejerýänçä özün, tanap hassany,
bu bir beýle ýeňil iş däl, bir ömür
okamaly, soň ýazmaly kyssany.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024