Ýagtylyk haky

What is to give light must endure burning. Viktor Frankl

Sen ýagtylyk berjek bolsaň,
saçjak bolsaň nuruň ýola,
uly-kiçi, gorkan gözi,
garaňkyda, aýsyz gije,
Garagumda azaşana,
guýulary zäherlenip,
çydamaly ojar ýaly,
sazak ýaly şatyr-şatyr,
ýakylmaga, tüsselemän,
aýyp tapan köp bor örän,
akylly bor ýerden ýörän,
biri diýer eýle saňa,
biri diýer beýle saňa,
emma diýmez aňsat-aňsat
çydady ol şunça ýyllap,
bes etmedi ýanmagyny,
köremegin ili üçin,
emma ýansaň, iň esasy,
ýylar ilki biraz içiň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024