Haýyş

Eger-de sen düşünmeseň, doganym,
eger-de sen aňlamasaň, duşmanym,
ýa aralyk, ýa keseki, ýa tanyş,
ýa ýaşuly, ýa ýaşkiçi, menden soň
doguljaklar aglap ýa-da aglaman,
ýumrujagyn gysyp ýa-da gysman kän,
düşünmeseň, aňlamasaň azajyk,
ýa düşünjek bolup döwmeseň kelle,
durmuş näme, ýa ýaşamak adam dek,
nire ýa-da näme barmaly pelle,
ogurlatman minut, sagat, günleriň,
hepdeleriň, aý-ýyllaryň, gaş kakyp,
juwan ömrüň alyp gaçyp barýarka,
başga ýana, göge seredip, bakyp,
özüň däl-de, özge bilen ugraşsaň,
ýa ýigrenseň, ýa aslyşsaň başgadan,
ýa-da pikir etseň edýän pikirin,
etmeýän pikirin başga biriniň,
o biriniň boýun gysgansaň örän,
bu biriniň öýün, beýlekiň işin,
başarnygyn, başarmaýan işlerin
iş edinseň, başga işiň ýok ýaly,
meniň saňa berip biljek zadym ýok,
hatda bolsa dünýäm halydan doly,
ýa mallarym Garaguma sygmasa,
çünki saňa peýdasy ýok berleniň,
tanajak bol, dogan, özüňi ilki,
gitme iliň giden ýerne sürlenip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024