Biziň ýolumyz

M.K.-niň pikiri

Bu ýerde diňe bir, ýeke dünýä bar,
a biz onuň bir bölegi, kiçijik,
ýöne biz nähili kiçi bolsak-da,
ýaragymyz bolmasa-da hiç hili,
urulsak-da ulularyň gaharyn
getirip ýa diňe keýpine düzgün,
durmuş şeýle diýip adam döräli,
dymmak biziň çykalgamyz däl asla,
ýa garaşmak başgalara, ösen il,
öňe giden gelip, gutarar diýip,
ýok beýle zat, hiç bolmady, bolmajak,
gutarmaga gelen basyp alyjy,
gördük ozal, bolýar doýmaz-dolmajak...

Bu ýerde diňe bir, ýeke dünýä bar,
bir şerti bar onda ýaşajak bolmaň,
biz talap etmeli: Adalat bolsun,
azat bolsun ähli adam, parhy ýok,
ataly, atasyz, enesiz, ýetim,
ýat illere gidip, ýitip hossary,
ýa ýurdunda kemsidilen, ýer urup,
ýerde galan garyp bolmasyn, Alla,
hudaý diýip aglap ýatýan öýünde,
o birleri pul seçýärkä toýunda.

Biz talap etmeli: Aç ýa ýalaňaç,
ýa okuwsyz, kitap, depdersiz galan,
aýakgaby ýyrtyk çaga bolmasyn,
bolmasyn urulýan, ýenjilýän naçar,
ýa erkekler, türmelerde aç-suwsuz,
sowuk gyşda, ýa gazaply tomusda
dowzah azabyny görmesin günde,
biz talap etmeli çekilmän yza,
biz talap etmeli, çökmezden dyza,
dik durmaly, bu hakymyz, almasak,
ony bize getirjek ýok, berjek ýok,
ýok, bu bolmaz diýmäň, bolmady diýmäň,
biz galdyk, o millet galmady diýmäň,
sebäbi biz diňe talap etmeli,
eýläk ýatyň, beýläk ýatyň, gitmeli,
barmaly barmaly ýerine hökman,
başga ýol ýok, bir şu ýolda ýitmeli,
ýa tapmaly özümizi, ölmejek,
gutarmajak bolsak ýeke-ýekeden,
ony oňa, muny muňa küşgürip,
aýyp gözläp bukulandan, çekeden!..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024