Bigäne

Heý, peýdasy barmy ýananyň saňa,
gynananyň, ýer mumruklap aglanyň,
ýa gynanman, ýalan-ýaşryk güleniň,
pikir eder ýaly biraz soňundan,
biler ýaly ile gerek däldigiň,
ýakynyňa, ýada, ýalançy dünýä,
eger sen özüňe gerek bolmasaň,
ýa çagaňa, maşgalaňa, bar bolsa,
ýa bolmasa seni dogran naçara,
ýa özüňe özüň ýanmasaň, oglan,
ýa garaşsaň diňe özge birine,
diýdirersiň ir ýa gijigip doglan...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024