Aşgabat ajysy
Men açlygyň nämedigin bilýärin,
sebäbi aç galdym gara zyndanda,
men kapasy, dymyk jaýy tomusda,
bogýan günde demligiňden, bilýärin,
şindi hem dur ys-koklary beýnimde,
ýadymda jakgyldap gülýän garawul,
bendileriň gutabyny ogurlan,
ýa gorkuzyp alan çilimin, bolsa,
men bilýärin peçsiz jaýyň azabyn,
gazabyny bilýän gyşyň daňdanlar,
sebäbi kän köwletdiler çigildem,
bilýän ýene çiş kakylan gözleri,
"Boýun alaý, näme diýsek ederis,
çagalaryň geçýär ahyr köçeden,
ertir irden okamaga gidende...",
gulagymda ýaňlanyp dur sözleri,
men bilýärin bogaz bolan ärleriň,
aýallaryň ýagdaýyny gorkudan,
tä ölýänçä dogurmajak, dynmajak,
ýöne muny bilmeýärdi gullukçy,
o birisi, bu birisi, haýbatly,
ýüzi gülýän gözüňde gan görünse,
gürrüň berýän: "O ýazyjy eý diýdi,
bu ýazyjy, ýa bu şahyr beý diýdi,
o žurnalist güldi toýda, meýlisde,
'indi çykmaz' diýdi pylany saňa,
a pylany 'indi sypdyrmaň' diýdi",
ýöne indi muny bilýärler olar,
sebäbi o türme başlaryn iýdi,
biriniň däl, ikisiniň ýa üçüň,
iller, tomaşaçy, daşdan seredip,
oturjakdy, indi bilýär barysy,
bolsa bolsun, ýa bolmasyn parasy,
kimiň ogly, kimiň gyzy, kakasy,
ýat, kesekä ýanmasa-da kän jany,
içinden ýa daşdan gördi zyndany,
öz ilinde boldy sergezdan millet,
ýat illerde boldy sergezdan millet,
çörek atly boldy, gara maşynyn
aga boýap, kowalady yzyndan,
men açlygyň nämedigin bilýärin,
doky gördüm ýakynjakdan köşgünde,
her ädimin ýalňyş basan don geýip,
men bilýärin näme bolýar aç galan,
soň doýmaýar näçe bolsa kän iýip,
men bilýärin näme ýyllar, aýralyk,
arman näme, hasrat näme aýrylyp,
iki ädim yza çekilmez senden,
men bilýärin näme seregzdan bolmak,
men bilýärin näme ýitirmek ejeň,
men bilýärin näme ýitirmek kakaň,
doganlaryň, dostlar, daşda agladan,
mazaryna gumuň ýetmän bir gysym,
ýöne muny bilýän köpelýär barha,
bilýänler köp, az däl, açlyk, horlugy,
haksyzlygy, kemsitmäni her demde,
ýöne olar çydamagy saýlasa,
saýlasalar garaşmagy öz işi,
meniň işim aýtmak bilýänim diňe,
bilmeýänim ýene öwreder durmuş,
hem yza däl, diňe äkider öňe.