Içdäki yhlas

Içiňde iliňe, doglan ýurduňa
söýgüňi saklamak, ýitirmezlik kän,
öldürmezlik ony öldüren bilen
goşulyşyp, öz tarapyň terk edip,
pikir etseň, barha kynlaşýan ýaly,
dogan-garyndaşyň, toýda, ýasynda
görülmedik goňşularyň daşlaşýar,
çykýar gidýär ýüz keşpleri ýadyňdan
duz iýişen dost-ýarlaryň, tanyşlar,
käte bir dumanda, salgym mysaly,
ýa düýşüňde, geçen wagtyň serhetden,
görüp gaýtmak üçin çetini obaň,
çala görnüp, senden gaçýarlar daşa,
içiňde iliňe, belki, adama,
sylagyň saklamak kyn düşýär ýaşap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024