Eje sylagy

Sen gowy bol, gowy bolma,
işiňi bil ýa-da bilme,
ýa emel et, bile-göre,
ahmal edip, badak salma,
göwnüne deg adamlaryň,
ýa-da degme asla göwne,
sypaýy bol, ýüze gelme,
parhy bolmaz, basgylasy,
kemsidesi gelýän bolar,
garaşmadyk oglanlaryň,
ýoldan geçseň, kesek salar,
tamdyrlary barrikada,
it küşgürer käbirleri,
käbirleri adam küşgir,
ýa ulalan, ýetmiş ýaşan
adamlary synla käte,
wezipesi uly bolan,
hiç işinden kowulmadyk,
ýa-da iki, üç kowulan,
türmä girip çykan, belki,
başga biri, özi ýaly,
öňki sowet, soňky dindar,
emma işläp ýören şindi,
ikiýüzliň oýnun oýnap,
dynç alyşa çyksa bir gün,
ýa-da çykjak-çykjak bolsa,
haý, depdiler pylan ýerne,
gygyrar pes, içi giden,
açyp özi derejesin,
göwnüň geçer ilden, özi
sylamasa öz ejesin.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024