Terrens Heýsiň äheňinde
Goşgulary okamazlar bir gezek,
ýarpy-ýalta okap, zyňmazlar mydam,
kä gaýtalap, yza gaýdyp okarlar,
oturyp okarlar, okarlar turup,
soň gyşaryp, tirsek urup ýassyga,
ýa-da arkan ýatyp, okalar goşgy,
a soň setrirleriň arasyndaky,
ýa arkada, başga söze bukulýan
sözleri, manyny gözlärler ondan,
soňra siňe serederler, dikanlap,
goşgy däl-de, bir zat ýaly saldamly,
agram berýän ele, tutsaň, saklasaň,
ýöne onuň agramyny hakyky,
ýa-da almaz ýaly kesgir burçuny,
ýa güýjüny, kuwwatyny, gurbatyn
hemme okan kesgitlemez, käbiri
bilmez parhyn goşgy bilen gybatyň.