Ýüzüksiz bet

Ol maşynyn, täze mydam,
gymmadyndan, arzany däl,
gözi gidýän garyplaryň,
ýa başgasyn üst örtügiň,
güjeňlände orta çykyp,
diýýär açyk men bulary
ogurladym sizden, millet,
taladym men sizi ozal
ýüzükliniň talaýşy dek,
aldaýşy dek ynanýany,
daňmak üçin gara günde,
çeken mydam çeker minnet,
oňa atam diýip maňa
atjak bolýan bolsa töhmet,
aýdyň, gaty görmesin, men
ýüzükli däl, ýüzüksiz bet!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2025