Kyn gylyk
Işçi, daýhan, bilýän açlyk, horlugy,
beýlekiler, sähel güni ganymat,
bilýän ata-babasyna bolany,
aýdyjyny burça gaban hökümet,
dönük diýse, dönük diýip ýylgyrýar,
ylalaşýar üýşüp urmaly diýse,
öçürmeli diýse ojagyn çynyň,
hakykat han diýse eli gylyçly,
duşmanyna ýesir düşen ýüz ýyllap,
gözi gorkan, göreşmegiň ýerine,
begenýär ýok diýen ýykylsa diýip,
geň galardyk, düşünmezdik ozallar,
sorag papagyny kirledip geýip...
Indi gördük, bu bir adama mahsus,
ýa bir tirä mahsus gylyk däl eken,
o ýurtda bir tütjar, sagan döwleti,
aýlykdan aýlyga sergezdan bolan
ýüz müňlerçe pukarany gazançdan,
eklenjinden kesip, goýanda gallaç,
gynanmaga derek goňşy-golama,
goldaýany görüp zalymy gülüp,
düşünýärsiň adam ähli ýerde bir,
ýaşaýar ol uzak ölmänkä ölüp.