Öň we häzir
Ilki zalym bilen dikleşen gitdi,
iki-ýeke açyk çykyp göreşe,
ýat illerden pena aldy, umytda,
belki, bir gün dolanaryn, gelerin,
ene-ata ýetim galdy yzynda,
gözi ýolda ýumulýança armanly,
telefonda hoşlaşdylar birleri,
bagty gelse, telefonlar işlese,
a beýleki, jan jesetden çykansoň,
“Eje!” diýip, ýat ülkeden bagyrdy,
"Gyzyň geldi, gözüňi aç, dolandy”,
aldadylar gidip barýan enäni,
başga çäre tapyp bilmän her agşam,
ganhor TW-ä goşa ýumruk çenäni...
Ýetim galdy naçar dogan, ýegenler,
okuw jaýy arzuw boljak, ýat boljak,
işsiz boljak, belki, ömür boýuna,
üç arkasy barlananda “utanjak”,
a soň göreşmedik, susan adamlar,
bir, iki däl, müňläp gitdi ýat ile,
çagalaryn goýup yzynda ýetim,
iki şaýyň gözleginde, sebäbi
ýurt satyldy gaz-nebiti, pagtasy,
maly bilen açyk, arzan, sesini
çykarjaklar sem bolansoň içerde,
ilki jellat bilen dikleşen gitdi,
indi hemme bu gün, ertir göçerde.