Aýralyk aýdymy
Biz owadan adamlardan aýryldyk,
sözümize, söwdamyza düşünýän,
hem ynanýan dökülmedik gözýaşa,
utanç böwedinden aşyp bilmedik,
bizi görýän bolmasa-da ýüzbe-ýüz,
ýa tanaýan özümizden has gowy,
tanyş bolman, ýoldaş bolman ýol-yzda,
meger, bizden beter ýek görýän ýowy,
biz owadan adamlardan aýryldyk,
gündiz ele çyra alyp gözleseň,
tapylmajak hiç ýerinde dünýäniň,
ýogsa az däl dilimizde gürleýän,
ýa-da ildeş, dindeş oýnun oýnaýan,
hem özüne osýan, mysapyr derdi,
müň söz aýtsaň, ynanmajak birine,
duzuň iýip diýýän arkaňdan haýyn,
garaşdyk, açylar ýapylan ýollar,
sanap ýyly, sagatlaryn gün, aýyň,
biz owadan adamlardan aýryldyk,
ertir, agşam dileg edýän: gelsinler,
ýetişsinler diýip enäň demine,
ýetişsinler diýip ataň demine,
biz owadan adamlardan aýryldyk,
öleninde sargyt eden gyzyna,
ýa ogluna, eger birden gelseler
aýdyň diýip gözlänimiz ýoluna,
ýananymyz ogry-jümriň alyna,
aglanymyz taýak iýenden beter,
her gün ýalan guýulanda TW-den,
biz owadan adamlardan aýryldyk,
gel, geç diýýän, barsaň öýün öý eden,
ýaşamagy öwrenmejek muzeýde,
ýa-da ýalan ýylgyrmagy hiç haçan,
gark edilen ozal sowet siline,
arasynda paýlap arzan aragy,
soňra neşe derýasyna oklanan,
biz owadan adamlardan aýryldyk,
150 ýyl gazamatda saklanan.
30.09.2023.