Watany ogurlananyň özsöhbedi
Sen daýaw bol, çökme, göwnüm,
ýat illerde ejizleme, gyýylma,
çünki seniň watanyňy ogurlan
ony nirde gizlejegin bilmeýär,
ýesir alan il-günüňi, iş bilmän,
portretin saga, sola ýelmeýär,
surat ýaly iş bitirýän, adam däl,
gülki edýär özün gojaman dünýä,
ýöne millet, basgylanan gülmeýär.
Seniň toýuň, ýasyň ogurlan süri,
elleri agyrýan çapak çalmakdan,
bilýär, görýär, ýurt ogrusy biçäre,
onuň ile aýdar ýaly sözi ýok,
ne ýüzi bar çykar ýaly millete,
şonuň üçin görüşmeýär il bilen,
hakykaty aýdyp biljek gönüläp,
ýoldan geçse, ýoly ýapyp, aýlanyp,
nökerleri tutulary ýapdyrýar,
aty çaman päl-niýeti çamanyň,
ol milleti gije-gündiz çapdyrýar,
gorksun diýýär, ürksün diýýär jemagat,
sen daýaw bol, çökme, göwnüm,
ata-baba ruhuňa doga et,
goldasynlar, ýetişsinler erenler,
gora diý olara ilimi, özüm,
çünki watan ogurlanyp, gizlenip,
iýilmeli şokalad däl düşekde,
ýorganyňy ýapyp üstüňe, ony
ilden alyp, saklap bolmaýar uzak,
çöker muňa düşünmeýän ile däl,
öz-özüne gurup çözülmez duzak.