Ýazylmadyk kanun

Bu bir kada, kanun ýa-da,
ýazylmadyk, kanunlara
garşy gelýän başdan-aýak,
biziň ilde bar häkimlik,
dolandyryş, şertnamalar,
pul sowurýan ýerden göge,
ýöne girýän şol bir kisä,
gazyň puly, nebit puly,
pagtaň puly, beýlekiler
bir adama, onuň ýakyn
ýaranyna degişli täk,
emma ýurtda ýykylan ýol,
oba, şäher, suwsuz tomus,
gyş gelende sowuk, batga,
türme doly jenaýatçy,
işsiz ýa-da işläp alan
aýlyklary çaý-çörege
ýetişmeýän garyp millet,
ýa çagalar, elin serýän,
ýa aýallar, terse barýan,
ýa ýykylan okuw, mekdep,
ogurlanýan ýyllar üçin
jogapkärler başga, daşda,
gaçyp giden, göçüp giden,
goý, gelmesin yzyna hiç,
eger gelse, beýle durmaz,
üýtgär durmuş ir ýa-da giç.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024