Bolşewik mekdebi
1923-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda, 100 ýyl öň öldürilen Hojaguly hanyň ruhuna bagyşlaýaryn.
Başlaryny çekip Lenin, Stalin,
bolşewikler bize öwredip gitdi
adamlary öldürmegi kast edip,
ýok etmegi ynsan bolsa özünde,
ynanm, umyt nury bolsa gözünde,
öz-özlerin bilip, sylamaz ýaly,
hormatlamaz ýaly adamyň işin,
yhlasyny, höweslerin owadan,
başgalaryň ornun alyp, gysmaýan,
talamaýan, depesinden basmaýan,
iň ozaly pikirinde, niýetde
gowy, tämiz adamlary agtaryp,
ýeke-ýeke, toplap ýok etdi olar,
döretdiler ýalançylyk mekdebin,
ýetişdirýän bimessebi, kezzaby,
ýüreksiz, beýnisiz, gepe düşmeýän,
üstesine gezek bermän gepleýän,
akly ýetýän bu dünýä däl, o dünýä,
indi bary, bolan işler, bolmadyk,
siňe baksaň, surat ýaly görünýär.
Alym bolsun, bolsun ýazyjy, şahyr,
başlyk bolsun, bolsun çişlik bişirýän,
bolmaz ýaly ýüzi-gözi, ýeňsesi,
tanap bolýan edebinden, aslyndan,
bolar ýaly gepi, sözi süwümsiz,
biri-birin aldamak däl, gülmek däl,
ýalan-ýaşryk gürrüňlere guwanyp,
öz-özlerin aldar ýaly etdiler,
sorag beren dönük boldy, diýdiler:
arabadan aýak sallap gitdiler,
heläk etdi heläklerden düzülen,
garny doýsa, gözi doýmaz partiýa,
aýydry ol adamlary özünden,
daşlaşdyrdy taryhyndan, sözünden,
ogullaryn, gyzyn elinden aldy,
diňe ölüp gutulanlar diýdiler:
çyda, kän däl, ýene azajyk galdy.