Gideniň salamy
Kursdaşym O.-nyň ejesiniň ruhuna bagyşlaýaryn
Ýene-de bir salam ýetdi yzymdan,
kän ýyl ozal giden enäň salamy,
gözün ýola dikip garaşan günde,
öz ogly dek, doganynyň ogly dek,
ýurdundan aýrylan, aýrylan ilden,
eli ganly döwletinden ýeňilen,
bar bileni urmak aşakdan bilden,
her gün diňlän, aýdyň diýen diňlänim,
radio boldy direg-daýanjym,
birden ölsem, gelenini görmesem,
gürrüň beriň dileglerim her säher,
her agşam namazyň yzyndan eden,
ýene-de bir salam geldi yzymdan,
çagasyna sargap gidipdir giden.
Ýene-de bozuldym, bozuljak däldim,
sakgalyny düşek eden ýalana,
ak gyňajyn hapalanlar TW-de,
hajy bolan para berip KGB-ä,
şarlatanlar, ýazyjy däl, şahyr däl,
Magtymguly baýragynyň eýesi,
ýa ýene bir ady alan çapalap,
döşi orden-medallylar ülkesin,
at gazanan, at ýitiren bir topar,
mümkin bolsa, unutjakdym bakyýa,
emma ýene başarmadym, sebäbi
ynanýardym, ynanýaryn, gijeler
dik oturyp, ejir çekýän kän ilde,
pul üçin däl, mal üçin däl, ýa ýalan
at, dereje üçin ýanmaýar hemme,
olar ýanýar talaň düşse ýurduna,
töhmet düşse, bomba düşen mysaly,
ojagyna ýürek sözün aýdanyň,
ýene-de bir salam geldi yzymdan,
getirdiler alkyşlaryn gaýdanyň.