Ogurlanan ömür
Sen ýeterlik gowy bolup bilmersiň,
ýaranyp bilmersiň, kim bolsa bolsun,
ejeň, kakaň, doganlaryň, dolanan,
çykanlaryň, ýegen ujy ýagy bor,
taparlar kän kemçiligiň, ýalňyşyň,
düzetmeli, bu ýol diňe seňki däl,
ylalaşyp, düşünişip geçmeli,
netijede sen bolmarsyň sen asla,
ejeň, kakaň bir bölegi bolarsyň,
doganlaryň, doganoglan, çykanyň
klasdaş, mugallym, obadaş, ildeş,
seniň ýaly ogurlanan özünden,
kän adamyň bölegisiň, özüň däl,
okan gazet-žurnallaryň, kitaplar,
kino, oýun, ýa habarlar gündelik,
diňlemeli, eşitmeli diýilen,
aýdym-sazlar, iň esasy goşgular,
ýalany kän arasynda, dogry däl,
owadan kagyza dolanan karam,
taryh hakda, şu gün hakda, gelejek,
ertirleriň hakda aýdylan, diýlen,
emma mydam okanyňa degmeýän,
ýa degmeýän diňläniňe gulagyň,
gözüň zorlap, özüň zorlap, jan edip,
sen hiç haçan gowy bolup bilmersiň,
gowy diýlip, töweregiň, il güni,
näçe işle, yrza edip ölmersiň.