Surat

Ýaşaýyş sylagy

Hiç adamy sylamadyk ýaşaýyş
seni neden sylamaly, goýmaly
öz günüňe, peýwagtyňa, mesawy
ýaşamaga, gatnamaga işiňe,
pyýada ýa öz maşynyň içinde,
islän aýdymlaryň, sazlaryň diňläp,
eger özüň özüň sylap bilmeseň,
goramagy başarmasaň kelläňi,
ýüregiňi sylamadyk özüni,
öz-özüne zäher bolan adamdan,
adamlardan, ýakyn, ýatdan ýat kileň,
ýa ýitiren özün birçak bazarda,
gaçyp galan köpük ýaly kiseden,
içinden deşilen, sökülen ýa-da,
hiç adamy sylamadyk ýaşaýyş,
iň esasy käri gaçyrmak dadyn,
zäherleýän görenini başarsa,
seni näme üçin sylasyn, adam?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024