Gaçmaly çakylyk
Pikir et, tanaman ruhy gedaý,
özelenip öýe, çaýa çagyrsa,
ýa täze jaý, ýa alandyr halyça,
gymmat mebel, telewizor ullakan,
görkezjekdir, öwünjekdir soňundan,
bilip bolmaz, gybat eder özüne,
ýüregine osup, görüp bilmedi,
içi ýandy, bahyllykdan örtendi,
getirdim-aý diýip depse-de aýak,
myhman bolup görümsiziň öýünde,
soň özüňe salma kineden taýak...
Pikir et, tanaman öýünde kitap
tekjesi ýok kärdeş çagyrsa öýe,
ýa kitapdan diwar guran owadan,
emma gaty açylmadyk biriniň,
gepi-sözi gabar kädä piriňi,
ýa ýazyjy bolan bolýan özüçe,
bor-bolgusyz ýazgylaryn çagalar,
ýetginjekler üçin diýip aklaýan,
eser näme, durmuş näme, bilmeýän,
bütin ömri ýetim ýaşan, özün däl,
ruhuny ýetim goýan adamyň,
çakylygy bolsa, pikir et ilki,
peýdasy ýok soňky çekilen gamyň.