Düşündirme
Sen adama düşündirme,
düşündirjek bolma bilip,
nähili kyn hakykaty,
görnüp duran, aýtmak açyk,
ýurduňda ýa daşa gaçyp,
biler muny bilýän sözsüz,
bilmeýänler, bilmejekler,
ýalan ýaşan, uly süri,
gözleri bar, emma gözsüz,
oýun eder seniň bilen,
oýun eder özi bilen,
nesli bilen yzdan gelýän,
sen olara aýtma, diýme,
teşne galsaň, suw ber, ölýän.