Jyn uran durmuş
Durmuş bir däl hemme üçin,
meňzeş ýaly görünse-de,
görünse-de bir gyradeň,
başga-başga her kimiňki,
bir däl işi adamlaryň,
şol bir işi etseler-de,
şol bir ýoldan gitseler-de,
gelseler-de yzlaryna,
ýa ýaşaýan ýerleri bir,
dükanlary bir bolsa-da,
şol bir ýerden nan alsa-da,
çaý alsa-da arzan, gymmat,
bar her kimiň barýan ýeri,
ýa barmajak ýeri asla,
hemem görýän zatlary bar,
başga-başga, bilmek müşgül,
durmuş bir däl, sebäbi muň
biri kütek, biri düşgür.