Erksiz adamlar

Zatlary däl, adamzady,
oglan-gyzy ulanarlar,
ulanarlar erkekleri,
ulanarlar aýallary,
gojalary, ak sakgally,
eneleri, ak gyňaçly,
orak oran, gazy gazan
ata-baba däbi bardyr,
arzan ýaşan, arzan ölen,
gäbi azan, bilse ardyr,
bilmezlige salar naçar,
perde edip gerek bolsa,
gerek bolsa, diwar edip,
orak berip ellerine,
goşgy berip dillerine,
gygyrdarlar, bagyrdarlar,
alaçsyzdyr, bolsa gaçar,
emma eli ýüpsüz bagly,
gandally dek aýaklary,
çaýa zardyr, suwa zardyr,
ulanarlar adamlary,
soň taşlarlar ýol ugrunda,
özi geldi, özi gider,
aşar gije tünegine,
ertirinden heder eder.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2023