Batyrlyk
Wladimir Woýnowiçiň äheňinde
Nähili kän, alla, ýalan sözlejek,
şaýat boljak bol diýseler bolmadyk,
edilmedik gara işe, ýanynda
duran ýaly, çyra tutup mejbury,
ýa meýletin, öz islegi köpleriň,
bigünäni itmek türmä, sürgüne,
höwes bilen, gaşyn çytman, begenip,
garaşan dek dogup-döräp bu güne,
şeýle bir ýürekli, batyr, edenli,
gorkusy ýok jinnek ýaly hudaýdan,
nähili kän, alla, ýalan sözlejek,
gözlejek soň münsüz iliň ýüzüne
bilip durup kimdigini özüniň,
etjegini edip, gidip gelmeze,
adam nädip garap bilýär gypynçsyz,
başgany goý, çagasynyň gözüne?