Göýdük badagy
Elmydama, başdanaýak, jikme-jik
aýdyp berme adamlara durmuşyň,
gyzykly-da bolsa, geregem bolsa,
bilmeklerin isleseň-de köp zady,
ynandyrjak bolma başdan geçeniň,
geçmedigin sal içine kämahal,
özleri dek, hyýalynda ýaşaýan,
hem ynanýan ýalanyna ilden öň,
arasynda boşluk galdyr gürrüňiň,
öňem birniň aýdyşy dek, belli, soň
üýşüp, çaşyp gybatyňy etseler,
gepleri azaşsyn, gygyrsyn gyzyp,
bir-birini iýjek bolýan göýdükler,
hatda gybatda-da bilmeýän ozup.