Ýamanalgyly watan
Leonid Filatowyň äheňinde
Watan bolsa uly gorky, howatyr,
diňe borjuň bolsa öňünde onuň,
bergiň bolsa, berilmeli jan bilen,
aýyp bolsa hak-hukugyň soramak,
pikir etmek algyň hakda, ýalňyşsaň,
ýalan sözle diýse, sözläp bilmeseň,
duşman gözle diýse, gözläp bilmeseň,
ýa tapmasaň tapylmaly ýerinden,
öldür diýse, öý ýyk diýse, etmeseň,
ýa balyk dek gapylmaly ýerinde,
el galdyryp, aýtjak bolsaň sözüňi,
borjuň diýip, bergiň diýip watana,
türmesinde açýan bolsa gözüňi,
urýan bolsa mydam arkaňdan gelip,
sen näme üçin borçly boljak watana,
ödemeli bolsa ýaşaman, ölüp?