Açyk netije
Okajak däl millet, okajak azlyk,
oýlanjak däl millet, oýlanjak azlyk,
düşünjek däl millet, düşünjek azlyk,
ýok diýerlik aýdyp bilýän bilýänin,
görüp duran zadyn, ugrun ýitiren
garyplar kän, ownuk-uşak ogry kän,
gurplanýan az, bu bir açyk netije,
uly baýlar, ägirt uly baýlar bar,
aňyrdan däl, birnäçe ýyl içinde,
ogurlykdan baýan, talaňdan baýan,
kanunlaşan ogry-jümri görnetin,
bu bir gizlin oýun ýaly görmäge,
ýöne aýan düşünýäne, görýäne,
birleri bar, çöken halka gynanýar,
başgasy bar, gülýär elin serýäne.