Surat

Kim has sansyz?

Senmi ýa ol, ýa-da olar,
aýdymçy ýa sazandalar,
kinoçy ýa tomaşaçy,
ýazyjy ýa şahyrsumak,
ýa-da başga biri, aldap,
ilki özün, soňra ili,
ynanmaýan işin edýän,
gazanç edýän üstesine,
iki şaýy ýa-da artyk,
adam bolup öz ýanyndan,
geçip uly kürsülere,
jeza berýän, asýan, atýan,
ýa-da çykyp güjeňleýän,
açyp eýle, beýlesini,
wagt ýitirseň, iň dereksiz,
iň azaşan senmi, olar,
ýa sanaşyp samsyk bilen,
subut etjek bolsaň gepiň,
kim nirede galan bolar,
kimler bilen aýak depip?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024