Oňuşmagyň syry
Adam bilen, diýýärler,
boljak bolsaň baky dost,
ýa arkadaş, görende,
göwni, gaşy çytylmaz,
näme diýse häsin ber,
ynanan bol sözüne,
degmese-de hiç ýapa,
ýalanyny çykaryp,
berjek bolma boş sapak.
Döwlet bilen, diýýärler,
boljak bolsaň baky dost,
ýa-da ýagşy ýapjasy,
aç etmeýän köplük ýaly,
näçe ýalan sözlese,
ýa talasa ili soňsuz,
şonça begen, gözleriň,
ýüzüň gülsün görende,
bilse bilsin ýürekden däl,
dowla düşüp, ýigrenmesin,
kim keýpine han edinjek,
her aldawyň, alyň mesin?