Türme halky

Samosly Pifagor aýdyp gidipdir,
çagalara bilim beriň ýaşlykdan,
zerur bolmaz jeza bermek kimsä soň,
meger, şuny etmändiris biz öňden,
şindem giç däl, eger bolsa ak niýet,
türme doldy, egsilenok otuz ýyl,
ýogsa tutan-basanlaryň nebsi bar,
alyp, berip, boşadýarlar müňlerçe,
bergä batyp, “toba eden” ärleri,
aýallary, ojagyndan aýrylan,
emma ýene hyryn-dykyn ertesi,
bal çalynan ýaly boldy jenaýat,
ýa kazylar gaty gowy işleýär,
kanunlary islän ugruna çekip,
üstesine öň sylanan adamlar,
sapak beren, salam berlen her ýerde,
azaldy, azalýar, ýerine gelen,
bagtyýatan, nädip alypdyr diplom,
ýylgyrýarlar, aglamaly bilseler,
okuwçylar, gowy bilýän sapagyn,
türkmen aga, gygyrjak men eşitseň:
“Pitä gaçyp, ýapma-da oň gapagyn?!”

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024